Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýede ýertitremede 20 adam ejir çekdi

14:2424.11.2022
0
17082
Türkiýede ýertitremede 20 adam ejir çekdi
Surat: daeu.eu

Düýn irden Türkiýäniň Mermer deňziň kenarýaka etrabynda bolan güýçli ýertitremede 22 adam ejir çekdi. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçysy Fahretdin Goja beýanat berdi diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan «News.ru» saýty ýazýar.

Ministriň sözlerine görä, Düzje ülkesinde bolan ýertitremede ejir çekenleriň biri agyr ýagdaýda, ol halas bolmak üçin beýik ýerden böküpdir. Düzjede «Tiz kömek» gullugy we degişli hünärmenler işleýärler diýip, ýolbaşçy habar berdi.

Şäheriň häkimiýetleri ýertitreme sebäpli elektrik togunyň öçendigini habar berdiler.

Emma bu habaryň yzysüre «Cumhuriyet» gazeti ýürek agyrysyndan ejir çekýän iki sany erkek kişiniň ýertitreme sebäpli aradan çykandygyny habar berdi. Olar 48 ýaşly Hikmet Çelebi we 63 ýaşly Sewim Çengel bolup, Düzje şäheriniň hassahanasyna göterilipdir, emma lukmanlara olary halas etmek başartmandyr.

Türkiýäniň demirgazyk-günbatar böleginde düýn irden güýji 5,9 bala deň bolan ýetiremäniň sarsgynlary Stambulda, Ankarada, Boluda we beýleki iri şäherleriň birnäçesinde duýuldy. Soňky maglumatlara görä, 46 adam ejir çekdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň