Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Ispaniýa Kosta-Rikany derbi-dagyn etdi

00:1924.11.2022
0
21020

DÇ-2022-niň «F» toparçasyndan orun alan Ispaniýa — Kosta-Rika oýnunda ispanlar 7:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Luis Enrikeniň şägirtleriniň doly üstünliginde geçen oýunda Ispaniýanyň gollaryna Olmo (11), Asensio (21), Torres (31 penalti, 54), Gawi (74), Soler (90) we Morata (90+2) awtorlyk etdiler. Mundan ozal, şu toparçadan orun alan birinji duşuşykda Ýaponiýanyň Germaniýany garaşylmadyk ýagdaýda ýeňlişe sezewar edendigini habar beripdik. Şeýlelikde, «F» toparçasynda 3 utukdan toplan Ispaniýanyň we Ýaponiýanyň milli ýygyndylary degişlilikde 1-2-nji ýerleri eýeläp durlar. Germaniýa 3-nji ýere ýerleşen bolsa, Kosta-Rika iň soňky orunda barýar.

Iniki tapgyrda 27-nji noýabr senesinde Ýaponiýa Kosta-Rika bilen güýç synanyşsa, 28-nji noýabrda Ispaniýa Germaniýa bilen garşylaşar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň çäginde DÇ-2022-niň ähli oýunlarynda «Match tv» teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň