Soňky habarlar

Arhiw

“Gadymy Merw — türki dünýäsiniň medeni merkezi” atly halkara ylmy maslahatynyň açylyşy boldy

16:2429.05.2015
0
1797

28-nji maýda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda “Gadymy Merw — türki dünýäsiniň medeni merkezi” atly halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Bu maslahat Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň çäklerinde geçirilýär.

Foruma gatnaşmak üçin bu ýere Türkiýäniň, Russiýa Federasiýasynyň (Tatarystan, Başkortostan), Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Makedoniýanyň we beýleki ýurtlaryň edebiýatçylary, medeniýeti we sungaty  öwrenijileri, taryhçylary, arhitektorlary, arheologlary we medeni-gumanitar ulgamynyň beýleki wekilleri geldiler.

Maslahatyň açylyş dabarasynda  çykyş eden alymlar türkmen topragynda şeýle iri halkara forumynyň geçirilmeginiň türkmen halkynyň medeniýeti, däp-dessurlary, sungaty baradaky bilimleri has-da giňeltmäge mümkinçilik berjekdigini nygtadylar.

Bölümleriň mejlislerinde Gadymy Merwiň taryhyna degişli çykyşlar edildi. Şäher gurluşygynyň özboluşly keşbi we milli öwüşginlere eýe bolan döwründäki binagärlige uly üns berildi. Şol döwürde bu ýerdäki binalaryň käbiri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän beýleki ýurtlardaky desgalaryň umumy keşbine meňzeş bolupdyr. Munuň özi Marguşyň Hindistan, Hytaý, Mesopotamiýa, Müsür we beýleki döwletler bilen işjeň hem-de medeni gatnaşyklarynyň ösendigine şaýatlyk edýär.

Çykyş edenler golýazma çeşmeleri, esasan hem şol döwürde, kada bolşy ýaly, arap we pars dillerinde ýazylan golýazmalary barada gyzykly maglumatlary getirdiler. Bu kitaplarda Maryda ýaşap geçen, Gündogaryň köp ýurtlarynda meşhur bolan beýik alymlaryň — astronomlaryň, matematikleriň, fizikleriň, dilçileriň we edebiýatçylaryň, taryhçylaryň atlary ýatlanylýar.

Agşam teatryň sahnasynda türki ýurtlaryň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti boldy. Sahnada Türkiýeden gelen aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Ýunus Emräniň eserleri boýunça gündogar aýdymlary, şeýle hem häzirkizaman we folklor türkmen aýdymlary we sazlary ýaňlandy. Olar türkmen halkynyň geçmişini häzirki güni bilen baglanyşdyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň