Soňky habarlar

Arhiw

Işewürlik maslahatynyň çäginde Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ýene üç Ylalaşyga gol çekildi

22:2422.11.2022
0
8090
Işewürlik maslahatynyň çäginde Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ýene üç Ylalaşyga gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň resmi saparynyň ikinji gününde Abu-Dabide geçirilen «Türkmenistan-BAE» işewürlik maslahatynyň çäginde Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ýene üç sany hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Işewürlik maslahatynyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şu aşakdaky Ylalaşyklara gol çekildi:

  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentligi bilen «Abu Dhabi Port Group» kompaniýasynyň arasynda aýan etmezlik hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen «Abu Dhabi Future Energy Company — Masdar» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanda umumy gurnalan kuwwaty 100 MW gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalary ösdürmek bilen bagly bilelikde işlemek hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Birinji Abu-Dabi bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk.

Şeýle hem, iki ýurduň işewür gurluşlarynyň arasynda logistika hyzmatlaryny bermek we dürli eksport-import amallary barada ylalaşyklar gazanyldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň