Turkmenportal logo
21.11.22
1916619166
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Tokaýewi gaýtadan Prezident saýlanmagy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Prezident saýlawynda ynamly ýeňiş gazanmagy hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


— Gazagystanyň halky tarapyndan edilen saýlaw Siziň ýurdy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen esasy ugruňyza giňden düşünilýändigini hem-de onuň goldaw tapýandygyny ýene-de bir gezek görkezýär. Siziň ýolbaşçylygyňyzda Gazagystan Respublikasynyň mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna, şeýle hem halkara giňişlikde öz abraýyny ýokarlandyrmagyny dowam etjekdigine ynanýaryn. Biz Türkmenistanda Siziň türkmen-gazak gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris we biziň doganlyk halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli toplumyny mundan beýläk-de giňeltmek boýunça bilelikdäki netijeli işleriň we gepleşikleriň dowam etdiriljekdigine ynanýarys — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda nygtaýar.


Türkmen döwletiniň Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.