Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şol sanda ýakyn günlerde geçiriljek birnäçe medeni çäreler barada aýdyldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň 28 — 30-njy noýabry aralygynda Aşgabatda «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda atly» halkara festiwala we maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, milli medeniýet ulgamyny ösdürmekde ähli zerur şertleriň döredilýändigi barada aýtdy hem-de halkara forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň 22-nji noýabrynda sanly ulgam arkaly geçiriljek «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi» atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň taryhy-medeni ýadygärliklerini öwrenmegiň, bu ugurda amala aşyrylýan ylmy işleriň we barlaglaryň, medeni gymmatlyklarymyzy bütin dünýäde wagyz etmegiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi we wise-premýere halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.