Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen türgenleri Türkiýede bäş kümüş, üç bürünç medala eýe çykdylar

14:0018.11.2022
0
15333
Türkmen türgenleri Türkiýede bäş kümüş, üç bürünç medala eýe çykdylar
Surat: aa.com.tr

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkiýäniň Ankara şäherinde agyr atletika boýunça Naim Süleýmanoglunyň ýadygärligine bagyşlanan II halkara ýaryş geçirildi. Oňa türkmenistanly türgenler hem gatnaşdylar.

Ýaryşda türkmen türgenleri bäş sany kümüş medala we bürünç medallaryň üçüsine mynasyp boldular. Has takygy, zenanlaryň arasynda 55 kilograma çenli agram derejede bileginiň güýjüni synan Ogulgerek Amanowa ştangany silterläp götermekde 70 kilogram, itekläp götermekde 85 kilogram, iki görnüşiň jemi boýunça 155 kilogram netije bilen üç sany kümüş medaly özüniňki etdi.

Şeýle-de erkekleriň arasynda 67 kilograma çenli agram derejede ýaryşa gatnaşan Hydyrberdi Ýagmyrow itekläp götermekde 149 kilogram, iki görnüşiň jemi boýunça 274 kilogram bilen iki sany bürünç medala eýe çykdy.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň hasabyndaky ýeke-täk kümüş medaly erkekleriň arasynda 109 kilogramdan ýokary agram derejede bäsleşige gatnaşan Atajan Daýyýew gazandy. Ol silterläp götermekde 156 kilogramlyk daşy galdyryp kiçi kümüşiň eýesi boldy. Şeýle-de itekläp götermekde 190 kilogramy göteren Atajan Daýyýew kiçi bürünje, iki görnüşiň jemi boýunça bolsa 346 kilogram netije bilen bürünç medala mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň