Top.Mail.Ru

Türkmenbaşydan «Gyzylsuw» adasyna petekleriň onlaýn satuwy ýola goýuldy

13:3718.11.2022
0
36712

Türkmenbaşydan «Gyzylsuw» adasyna we yzyna gaýdýan «Çarlak» we «Rowaç» ýolagçy gämilerine petekleriň onlaýn satuwy başlandy. Petekler «Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetiniň resmi web sahypasynda satylýar.

«Çarlak» ýokary tizlikli ýolagçy gämisi, türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagynda Türkmenbaşy deňiz portunda ýygnanan ilkinji gämidir. Ol 320 ýolagça niýetlenendir. Şeýle hem gämi syýahatçylyk maksatlary üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň kenarlarynda gaýykly gezelençleri guramakda ulanylýar.

2015-nji ýylda Hazar deňziniň Türkmenbaşy aýlagynyň adybir adasynda ýerleşýän Gyzylsuw şäherçesinde täze ýolagçy deňiz menziliniň gurlandygyny ýatladýarys.
«Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýeti özüniň resmi web sahypasynda «Ro-Pax» kysymly amatly ýolagçy parom gämilerde Türkmenbaşy — Baku — Türkmenbaşy ugry boýunça petekleriň onlaýn satuw hyzmatynyň bardygyny habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň