Top.Mail.Ru

Gyzylsuw şäherçesinde täze ýolagçy deňiz menzili ulanylmaga berildi.

22:0611.02.2015
0
17351

 Aşgabat, 11.02.2015. “Türkmenportal”.

Hazar deňziniň Türkmenbaşy aýlagynyň adybir adasynda ýerleşýän Gyzylsuw şäherçesinde Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň buýurmasy boýunça ýurdumyzyň “Hazar Kenary” gurluşyk kärhanasy tarapyndan täze ýolagçy deňiz menzili guruldy.

Bu menzilde ýolagçy gämileriniň labyryny taşlamagy üçin kompozit örtüklerini peýdalanmak arkaly suwuň içinde 51 metrlik ýokary berkligi bolan metal sütünler oturdyldy.

Täze desga “Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň Baş meýilnamasyny” yzygiderli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädimdir. Bu ýere gatnawlary amala aşyrýan ýokary tizlikli “Çarlak” ýolagçy gämisi türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagynda Türkmenbaşynyň deňiz portunyň çäginde ýygnalan ilkinji gämidir. 320 ýolagçyny gatnatmaga ukyply “Çarlak” gämisi häzirki wagtda Türkmenbaşy — Gyzylsuw adasy we Türkmenbaşy — Hazar aralygynda hereket edýär. Şeýle hem gämi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň kenary boýunça deňiz gezelençlerini guramak üçin syýahatçylyk maksatlarynda peýdalanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň