Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

08:5118.11.2022
0
15224
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan taýýarlanylýan «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Žurnal her çärýekde bir gezek neşir edilýär. Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýän bu žurnalyň nobatdaky sany Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 23-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Döwlet Maslahatyndaky çykyşy bilen açylýar.

Žurnalda çap edilen «Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagyny ösdürmegiň milli we halkara hukuk esaslary» atly makalada gaýtadan dikeldilýän energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösen dünýä tejribesini öwrenmegiň hasabyna milli derejede ykdysady-önümçilik işini guramagyň ýurduň daşary syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridigi bellenilýär. Ýurtda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň çeşmelerini önümçilige ornaşdyrmakda Birleşen Milletler Guramasynyň, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA), «ýaşyl» energetika meseleleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň orny nygtalýar.

«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sanynda hukuk meseleleri boýunça birnäçe makalalar çap edilipdir. «Hukuk medeniýeti: ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmakda kanunçylyk ulgamy barada wagyz-nesihatyň ähmiýeti» atly makalada ýaşlary ruhy-ahlak we beden taýdan terbiýelemek barada gürrüň edilýär. Olaryň hukuk habarlylygynyň ýokarlandyrylmagyna, hukuk aňyýetiniň kemala getirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

«Hukuk bozulmalarynyň öňüni almakda ahlak kadalarynyň orny» atly makala kanuny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan çärelere bagyşlanypdyr. Makalada iş ýerlerinde we durmuşda tertip-düzgüni pugtalandyrmak boýunça guramaçylyk-terbiýeçilik işleri, durmuş-ykdysady we ideologik meseleleriň toplumyny çözmek bilen baglanyşykly ugurlara deglip geçilýär.

«Adwokatyň hünär etikasy» atly makala hem okyjylaryň ünsüni çeker. Onda raýatlaryň bähbitleri goralanda, hukukçylaryň kanuna ygrarlydygyny talap edýän hünär etikasy, döwletiň her bir raýatyň kanunyň öňünde deňligini kepillendirmegi bilen baglylykda, olaryň dogruçyllygy we tutanýerliligi barada aýdylýar. Makalada hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gönükdirilen çärelere işjeň gatnaşmak, adalatly çözgüdiň kabul edilmegi üçin tagallalary etmek, bu ugurda wagyz-nesihat işini geçirmek ýaly adwokatlyk işiniň esasy ugurlaryna üns çekilýär.

«Deňiz ulag pudagy boýunça hukuk kadalarynyň ähmiýeti» atly makalada deňiz ulag ulgamynyň ykdysady-guramaçylyk we hukuk-guramaçylyk babatda ýurduň ykdysady düzümlerini halkara ulag ulgamy bilen baglanyşdyrýan halkadygy barada aýdylýar.

Neşir «Senenama» bölümi bilen tamamlanýar. Onda abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen duşuşyklar, mejlisler, okuw maslahatlary we beýleki çäreler beýan edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň