Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň daşary işler ministri nemes işewürleri bilen duşuşdy

23:3117.11.2022
0
14269
Türkmenistanyň daşary işler ministri nemes işewürleri bilen duşuşdy
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Goetzpartners Corporate Finans GmbH» we «Prodoehl Consult GmbH» nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, ministrligiň resmi saýtynda habar berildi. Şeýle hem geljegi uly bolan dürli taslamalar we maýa goýum hyzmatdaşlygy barada pikir alyşyldy.

Saparyň çäginde nemes işewür wekiliýetiniň Türkmenistanyň Hökümetinde birnäçe duşuşyklary geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň