Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistana ýük otlularynyň 5 sany täze teplowozy gelip gowuşdy

23:1414.11.2022
0
23584
Türkmenistana ýük otlularynyň 5 sany täze teplowozy gelip gowuşdy

Şu gün Türkmenistana, Russiýa Federasiýasynyň «Brýansk maşyngurluşyk zawody» dolandyryş kärhanasy paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, ýük otlularynyň 5 sany täze teplowozy gelip gowuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu teplowozlar ýük çekijilik kuwwaty bilen aýratyn tapawutlanýar.

Dostlukly ýurtdan gelen täze teplowozlary garşylamak üçin demir ýol işgärleri, hormatly ýaşulular, nurana eneler, bagtyýar ýaşlar Aşgabadyň demir ýol menziline ýygnandylar. Il sylagly ýaşulular teplowozlaryň ýolunyň ak bolmagyny arzuw etdiler. Şunuň bilen baglylykda, milli däp-dessurlar ýerine ýetirildi.

Täze teplowozlaryň gelip gowuşmagy iki dostlukly ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň nobatdaky nyşany boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň