Top.Mail.Ru

TÝL ― 2022: Didar Durdyýew iň netijeli futbolçylaryň sanawynyň başyna geçdi

20:3814.11.2022
0
21582

20-nji tapgyrda «Merwiň» derwezesine bellenilen 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetiren «Ahalyň» hüjümçisi Didar Durdyýew möwsümdäki 16-njy pökgüsini geçirdi.

Şeýlelikde, ol Ýokary liganyň 30-njy möwsüminiň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynda ýene-de birinji orna beýgeldi.

Ikinji orundaky Begenç Akmämmedowyň («Köpetdag») hasabynda 15 gol bar.

«Merwiň» futbolçysy Alibek Abdyrahmanow bolsa 14 gol bilen sanawyň üçünji basgançagaynda.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň