Top.Mail.Ru

Aşgabatdaky «Hilli» dükany lýustralaryň köpdürli görnüşlerini lomaý we bölekleýin satuw esasynda hödürleýär

14:0613.11.2022
0
22630

Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Hilli» dükany türkmenistanlylara lýustralaryň we yşyklandyryş enjamlarynyň köpdürli haryt görnüşlerini ýetirýär. Dükan lomaý we bölekleýin satuw esasynda söwda etjek alyjylary hyzmatdaşlyk açmaga çagyrýar.

Dükanda häzirki wagtda yşyklandyryş enjamlarynyň käbir görnüşlerine 20 %-e çenli arzanladyş yglan edilendigini, şeýle hem bu ýere Hytaýyň we Ýewropanyň öňdebaryjy öndürijileriniň täze önümleriniň gelip gowşandygyny aýtmak bolar.

«Hilli» dükanynda diwarlyk çyrlaryň, bra çyralarynyň, torşerleriň we stoluň üstünde goýmak üçin niýetlenen gülçyralaryň dürli görnüşli modelleri alyjylaryň dykgatyna hödürlenýär. Dükandaky ähli harytlar taýýarlanan materiallarynyň hili, berkligi hem-de ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.

«Hilli» dükany lýustralary we çyralary eltip bermegi hem-de oturtmak hyzmatlaryny tölegsiz esasda ýerine ýetirýär.

Habarlaşmak üçin:

  • Ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, «Hilli hyzmat» binasy; G.Kulyýew köçesi (Bedew), 2-nji jaý;
  • Telefon belgileri: 53-55-22, 60-01-98.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň