Top.Mail.Ru

Döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň Tertibi tassyklanyldy

22:0911.11.2022
0
22984

Habar berşimiz ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek hem-de bu ulgamda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Hasabatda 2021-nji ýylyň noýabr aýynda kabul edilen «Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň esasynda Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň Tertibiniň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada aýdyldy. Wise-premýer Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna şol Tertibi tassyklamak baradaky Kararyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutany Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, şeýle hem «Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň Tertibi tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu resminamanyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň