Top.Mail.Ru

Kaliforniýaly lotereýada 2 milliard dollar utdy

12:5610.11.2022
0
14595
Kaliforniýaly lotereýada 2 milliard dollar utdy
Surat: twincities.com

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň ýaşaýjysy «Powerball» lotereýa oýnunda iň ýokary utuşyň eýesi boldy diýip, «Euronews.com» ýazýar.

Günorta Kaliforniýada ýaşaýan adam utuşly petegi Los-Anjelesden demirgazyk-gündogarda ýerleşýän Alteden diýilýän ýerdäki ýangyç guýujy beketde satyn aldy. Onuň utuşynyň salgytlary tölemezden öňki möçberi 2 milliard 40 millon dollara deňdir, şeýle-de oňa 1 million dollar möçberinde pul sylagy garaşýar.

Bagtly petegiň eýesi özüni gizlin galdyrmak islän hem bolsa, Kaliforniýa ştatynyň düzgünlerine görä, onuň ady köpçülige mälim edilmelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň