Türkmenistanly ýetginjekler şort-trek bilen ýakyndan meşgullanýarlar. Ýaş türgenleriň esasy maksady geljek ýylyň 23-nji fewraly ― 5-nji marty aralygynda Russiýa Federasiýasynda geçiriljek «Aziýanyň çagalary» atly gyşky sport oýunlaryna gatnaşmak.
Şort-trek Türkmenistan üçin sportuň täze görnüşleriniň biri. Muňa garamazdan, türgenleriň yhlasy olaryň tiz kämilleşjekdigini buşlaýar. Her gün Milli Olimpiýa sport köşgüne türgenleriň birnäçesi hut şort-trek bilen meşgullanmak üçin gelýärler.
«Biz eýýäm halkara ýaryşlara, şol sanda dünýä çempionatyna, Aziýanyň çempionatyna hem taýýarlanyp başladyk» diýip, Türkmenistanyň şort-trek boýunça milli ýygyndysynyň agzasy Sakina Gulamalyýewa gürrüň berýär.
Häzirki wagtda ýurtda buzly sport toplumlarynyň bäşisi bar. Olaryň iň ulusyna 10 müň tomaşaçy ýerleşýär. Şort-trek Türkmenistanda buz bilen bagly sport görnüşleriniň arasynda meşhurlygy boýunça hokkeýden we figuralaýyn typmakdan soňra üçünji orunda durýar.