Energetika ministri eýranly kärdeşi bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik geçirdi

20:1208.11.2022
0
16622

7-nji noýabrda Türkmenistanyň energetika ministri Hajymuhammet Rejepmyradow eýranly kärdeşi Ali Akbar Meýerabian bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi. Bu barada IRIB habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky energetika pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollar barada pikir alyşdylar. Taraplar iki goňşy ýurduň arasyndaky energetiki hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler. Şeýle-de bu ugurda ozal gazanylan ylalaşyklaryň esasynda alnyp barylýan taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada durlup geçildi.

Ýeri gelende bellesek, Eýran Yslam Respublikasy goňşy döwlet bolmak bilen birlikde, Türkmenistanyň energetika pudagyndaky strategiki hyzmatdaşlarynyň biridir. Ozal habar berşimiz ýaly, Eýran milli energiýa ulgamyny ŞHG-a agza ýurtlaryň energiýa ulgamlaryna Türkmenistan we Täjigistan arkaly birikdirmek boýunça uly taslamany durmuşa geçirmäge taýýardygyny mälim edipdi. Häzirki wagtda eýran tarapynda türkmen serhedine çenli elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygy tamamlandy we Türkmenistan bu taslama başlan badyna elektrik ulgamynyň geçirijilik ukyby 200 göterim ýokarlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň