Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň nyrhlaryny üýtgedýär

16:2307.11.2022
1
119164

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara ugurlara howa petekleriň bahasyny üýtgetdi. Bu barada «Turkmenportala» Howa gatnawlarynyň baş gullugy habar berdi.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurt şäherine (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Bahalar, 2022-nji ýylyň 7-nji noýabry:

  • Aşgabat (ASB) — Dubaý (DXB): 5785 manat
  • Aşgabat (ASB) — Frankfurt-na-Maýne (FRA): 8225 manat
  • Aşgabat (ASB) — Stambul (IST): 6825 manat
  • Aşgabat (ASB) — Moskwa (DME): 6860 manat
  • Aşgabat (ASB) — Kazan (KZN): 6860 manat

Howa gatnawlarynyň baş gullugy Aşgabatda, Oguzhan köçesiniň ugrunda, 211-nji jaýda ýerleşýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312391717, +99312391718, +99312391719, +99312391720.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň