Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň kinoteatrlaryna şu ýylyň maýyndan bäri iň köp tomaşaçy bardy

12:4907.11.2022
0
9086
Russiýanyň kinoteatrlaryna şu ýylyň maýyndan bäri iň köp tomaşaçy bardy
Surat: russian.rt.com

Russiýanyň kinoteatrlarynda 27-nji oktýabrdan 2-nji noýabra çenli baran tomaşaçylaryň sany 2,1 million adama ýetdi. Bu barada ýurduň Kino gaznasynyň maglumatlaryna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Tomaşaçylaryň güýzki artyşyny hünärmenler Anton Megerdiçewiň golaýda ekranlara çykan «Parmanyň ýüregi» we «Gazaply kaka», «Uly syýahat» we «Liberiýa: hazyna awçylary» diýen filmler bilen baglanyşdyrýarlar.

Dekabrda ýurduň kinoteatrlaryna ýerli filmleriň ýene birnäçesiniň çykmagy bilen baglylykda has köp tomaşaça garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň