Wolodin Gurbanguly Berdimuhamedowy Hazar ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ýygnagyna gatnaşmaga çagyrdy

19:5302.11.2022
0
25759
Wolodin Gurbanguly Berdimuhamedowy Hazar ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ýygnagyna gatnaşmaga çagyrdy
Surat: duma.gov.ru

Russiýanyň döwlet Dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Wolodin Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyny indiki ýyl Bakuwda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazar sebitiniň ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ýygnagyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada döwlet Dumasynyň resmi web sahypasynda habar berildi diýip, TASS ýazýar.

Wolodin azerbaýjanly kärdeşleri bilen parlamentara forumy geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.

«Eger siz goldasaňyz, indiki ýyl parlamentiň çäginde gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin Hazarýaka ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylary bilen Bakuda duşuşmagy meýilleşdirýäris» diýip, Wolodin Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlendi.

«Bu gaty dogry çemeleşme. Biz iş görnüşlerimizi, kanunçylyk esaslaryny kesgitlemeli» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda rus diline «çagalar bagyndan başlap uniwersitet bilen gutarýança» uly üns berilýändigini aýtdy. «Geljek ýyl siziň bilen täze uniwersitetiň düýbüni tutmakdan hoşal bolardyk. Bu ýerde hukuk meselelerini, şeýle hem haýsy fakultetleriň, ugurlaryň, hünärleriň zerurdygyny öwrenmekde siziň kömegiňiz zerur» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow Wolodine ýüzlendi. Döwlet Dumasynyň başlygy çakylygy kabul etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň