Soňky habarlar

Arhiw

ÝÇL: 16-dan 14-si belli boldy

10:2002.11.2022
0
16909

Düýn agşam Ýewropa Çempionlar ligasynyň «A»–«D» toparçalarynda soňky — 6-njy aýlawyň oýunlary geçirildi. Duşyşyklarda hasaba alnan netijelere görä, ýaryşda pleý-off tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan toparlaryň sany 14-e ýetdi.​

Olaryň arasynda «Çelsi», «Liwerpul», «Mançester Siti», «Tottenhem» (hemmesi Angliýa), «Bawariýa», «Borussiýa» Dortmund, «Aýntraht» (hemmesi Germaniýa), «Napoli», «Inter» (ikisem Italiýa), «Portu», «Benfika» (ikisem Portugaliýa), «Real» (Ispaniýa), «PSŽ» (Fransiýa) hem-de «Brýugge» toparlarynyň ady bar.​

Bu gün agşam ÝÇL-iň beýleki dört kwartetinde hem soňky aýlawyň oýunlary geçirilip, olarda pleý-off tapgyryna ýollanma berýän ýene iki ýollanma üçin «Milan» we «Zalsburg», şeýle-de «Leýpsig» we «Şahtýor» toparlary dalaş edýärler.​

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň