Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnal dörediler

22:4728.10.2022
0
19423

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçirilýän düýpli we amaly taýdan ähmiýetli ylmy barlaglar hem-de «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnaly döretmek barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak syýasatyndan ugur alnyp, häzirki wagtda oba hojalygy, lukmançylyk, derman, azyk we himiýa senagatlary, ekologiýa, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ýaly ileri tutulýan ugurlarda ylmy barlaglar alnyp barylýar.

Döwlet maksatnamalarynda bellenilen wezipelerden ugur alyp hem-de türkmen alymlarynyň ylmy barlaglaryny halkara giňişlikde giňden wagyz etmek maksady bilen, hojalyk hasaplaşygynda işleýän Tehnologiýalar merkeziniň binýadynda «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnaly döretmek hem-de elektron görnüşde internet ulgamy arkaly ýaýratmak maksadalaýyk hasaplanylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalyň döredilmeginiň giň ylmy jemgyýetçiligi türkmen ylmynyň gazananlary we innowasion işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Döwlet Baştutany žurnalyň çuň many-mazmunly bolmalydygyny, onda çap ediljek makalalarda ileri tutulýan ugurlar boýunça ýurtda alnyp barylýan ylmy işleriň hem-de innowasion işläp taýýarlamalaryň şöhlelendirilmelidigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň