OGT-2022: TOPH taslamasy energiýa howpsuzlygynyň dört faktoryny özünde jemleýär

13:3928.10.2022
0
15622

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi Energiýanyň bolmagy, Elýeterlilik, Tygşytlylyk we Ýerliklilik ýaly dört howpsuzlyk faktoryny durmuşa geçirer diýip, «Tapi Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň başlygy Muhammetmyrat Amanow aýtdy.

Uzynlygy 1853 kilometr bolan Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi diametri 65 dýuým bolan polat turba arkaly energiýa zerurlygy bolan üç ýurda ýylda 33 milliard kub metr gaz ibermäge mümkinçilik berer.

Birinji tapgyrda gaz «Galkynyş» gaz käninden sarp edijilere erkin akym arkaly daşalýar. Ondan soňky tapgyrda doly göwrümli taslamany tamamlamak we doly gaz akymyny gazanmak üçin gazyň akjak ugrunda 6 sany gysyjy stansiýa gurmak meýilleşdirilýär. Taslamany durmuşa geçirmegiň möhleti — 40 ýyl, şertnamanyň möhleti bolsa 30 ýyldyr.

Amanow türkmen gaz gorlaryny monetizasiýa etmegi, üç ýurtda energiýa garyplygyny azaltmagy, Owganystana we Pakistana goşmaça girdeji bermegi we howanyň hapalanmagyny azaltmagy TOPH taslamasynyň esasy strategik maksatlarynyň arasynda görkezdi. Mundan başga-da, TOPH üç sarp ediji ýurda energiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga kömek eder.

Mundan başga-da, TOPH üç ýurda arassa ýangyç iberip, uglerod zyňyndylaryny azaltmaga hyzmat eder we şeýlelik bilen Pariž şertnamasynyň maksatlaryna ýetmäge goşant goşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň