Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi

21:5927.10.2022
0
26459
Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi
Surat: ria.ru

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä ýurduň Fars welaýatynyň merkezi Şiraz şäherindäki Şah Çerag aramgähinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Türkmenistan halkara terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarýar. Ynsanperwerligiň iň belent taglymatlaryndan ugur alyp we halklaryň parahatçylykly ýaşaşmagynyň umumy kabul edilen kadalaryna esaslanyp, biz dünýä bileleşigine bu apata garşy göreşi alyp barmakda ýardam bermäge hemişe ygrarly bolup galýarys — diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hatynda belleýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy şu agyr pursatda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi. Ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň