«S7 Airlines» (Sibir) uçar peteklerini bronlamagyň rus ulgamyna geçdi. Bu barada «Mir 24» awiakompaniýa salgylanyp habar berýär.
«26-njy oktýabrda awiakompaniýanyň peteklerini bronlamak we ýolagçylary hasaba almak üçin rus ulgamyna geçdik» diýip, awiakompaniýa habar berdi.
Petekleri satyn almak, çalyşmak we yzyna gaýtarmak, ýer saýlamak we başga-da birnäçe goşmaça hyzmatlar ýolagçylar üçin onlaýn we offlaýn görnüşde hem elýeterlidir.
Şu ýylyň 17-nji oktýabryndan Russiýanyň «S7» awiakompaniýasynyň Russiýadan Türkmenistana yzygiderli gatnawlary dikeldendigini ýatladýarys. Uçuşlar Moskwa — Türkmenbaşy — Moskwa ugry boýunça «Airbus A320» uçarlarynda hepdede bir gezek — duşenbe günleri amala aşyrylýar. «S7 3237» reýsi Moskwadan 3:30-da (ýerli wagt bilen) ugraýar. «S7 3238» gaýdyp gelýän uçuş Türkmenbaşydan sagat 10:05-de (Aşgabat wagty bilen) ugrap, 11:35-de (Moskwa wagty) Moskwa geler. Uçuşyň dowamlylygy, takmynan, 3,5 sagat bolar.
Uçuş tertibini we beýleki hyzmatlary awiakompaniýanyň Domodedowo howa menziliniň resmi web sahypasyndaky «Möwsümleýin meýilnama» bölüminden anyklap bilersiňiz.