Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylary gutlady

09:3326.10.2022
0
24853
Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylary gutlady
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde nygtalyy ýaly, döwlet Baştutany öz hatynda ýurduň nebitgaz senagatynyň üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň we serginiň energiýa serişdelerini çykarmak, gaýtadan işlemek, olaryň dünýä bazarlaryna iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak işleriniň has-da ilerlemeginde ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynam bildirýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda nebitgaz senagatyny ösdürmek, türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän energetika strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini halkymyzyň we beýleki ýurtlaryň halklarynyň bähbidine gönükdirmek babatda alnyp barylýan işler oňyn netijesini berýär. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlyk işjeň, oýlanyşykly we maksada okgunly ýagdaýda ösdürilýär. Öňde goýlan belent maksatlara ýetmek üçin häzirki wagtda dünýä ähmiýetli möhüm taslamalar durmuşa geçirilýär. Türkmenistan dünýäde energiýa serişdelerini daşary ýurtlara köp möçberde iberýän döwletleriň biri bolmak bilen, bu ugurda durnukly halkara ulgamlary döretmegiň tarapdarydyr. Eksportyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak, ösen köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek biziň döwletimiziň energetika strategiýasynyň ileri tutulýan esasy ugrudyr.

«Ýurdumyz baý uglewodorod serişdelerini daşarky bazarlara çykarmak, energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek arkaly ählumumy ösüşi we parahatçylygy gazanmak ugrunda taýsyz tagalla edýär. Gaz geçirijileri, üstaşyr ulag geçelgelerini gurmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitimizde durnukly ösüşi, parahatçylygy berkitmäge has-da kuwwatly itergi berer. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi, häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi muňa aýdyň mysaldyr. Gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käni tapgyrlaýyn özleşdirilýär. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Uglewodorod serişdelerini çykarmakda Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna özleşdirmäge hem uly ähmiýet berilýär» diýip, döwlet Baştutany hatynda nygtaýar.

Hatda beýan edilişy ýaly, Türkmenistanda nebitiň we gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak hem-de olary gaýtadan işlemek arkaly dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän dürli nebit we gaz önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmakda uly işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda energetika syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak üçin nebithimiýa we gazhimiýa pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Bu ugry ösdürmek döwletimiziň baý uglewodorod serişdelerini netijeli ulanmak hem-de energiýa serişdeleriniň gaýtadan işlenilýän, eksport edilýän möçberini artdyrmak babatda öňe sürülýän strategiýalaryň biridir.

Türkmenistan täze gurulýan önümçiliklerde iň gowy dünýä tejribesiniň, öňdebaryjy, ekologik taýdan howpsuz tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň kuwwatynyň has-da artmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň öz ýurdumyzda öndürilmegine, olaryň eksportyny artdyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň