Soňky habarlar

Arhiw

Çarşenbe güni futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynyň birinji duşuşyklary geçiriler

11:4225.10.2022
0
20938
Çarşenbe güni futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynyň birinji duşuşyklary geçiriler

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Eminler bölümi 26-njy oktýabrda geçirilýän futbol boýunça Türkmenistanyň Kubok bäsleşiginiň ýarymfinallarynyň birinji duşuşyklarynyň eminlerini belli etdi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berdi.

Türkmenistanyň Kubok bäsleşiginiň ýarymfinal duşuşyklary:

26.10.2022 ý. (çarşenbe)
“Şagadam” – “Aşgabat”
Geçirilýän ýeri: “Şagadam” stadiony (Aşgabat ş.)
Başlanýan wagty: 16:00
Duşuşygyň emini: Jumamyrat Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Pälwan Pälwanow (Daşoguz ş.), Babanazar Haknazarow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: Saparmämmet Gurbanow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: Şöhrat Durdyýew (Aşgabat ş.)

“Altyn Asyr” – “Ahal”
Geçirilýän ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)
Başlanýan wagty: 16:00
Duşuşygyň emini: Resul Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Ahmet Begnazarow (Mary ş.), Berdi Atdyýew (Tejen ş.)
Ätiýaçdaky emin: Akmyrat Gurbanow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: Raşit Pälwanow (Daşoguz ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň