«Turkish Airlines»-iň Stambuldan (Türkiýe) Türkmenbaşy (Türkmenistan) şäherine uçar gatnawlarynyň petekleriniň bahasy 397 dollar bolar diýip, «Atavatan-Türkmenistan» habar berýär.
Çeşmäniň habaryna görä, Türkmenbaşydan Stambula petegiň bahasy 497 dollar bolar.
«Turkish Airlines»-iň Stambuldan Türkmenbaşy we yzyna yzygiderli gatnawlary 2-nji noýabrdan dikeldiler. Yzygiderli uçuşlar çarşenbe we penşenbe günlerinde amala aşyrylar.
Yzygiderli uçuşlar üçin uçar petekleri «Turkish Airlines»-iň Türkiýedäki we Türkmenistandaky ofislerinde satylýar.
«Turkish Airlines» Türkmenistana uçuşlaryny gaýtadan ýola goýjak üçünji daşary ýurt awiakompaniýasy bolar. 17-nji oktýabrda Russiýanyň «S7 Airlines» kompaniýasy Moskwa — Türkmenbaşy — Moskwa ugry boýunça yzygiderli gatnawlary ýola goýdy. 25-nji oktýabrda bolsa Belarusyň «Belawiýa» awiakompaniýasy Minsk — Türkmenbaşy — Minsk ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny amala aşyryp başlady.
Türkmenistanyň raýatlaryna Türkiýä baryp görmek üçin wiza gerekdir. Ýeke giriş tölegi 60 dollardan, goşa giriş tölegi 120 dollardan başlaýar.
«Atavatan-Türkmenistan» saýtynyň ýazmagyna görä, Türkiýede ýaşamak üçin ygtyýarnama eýeleriniň Türkiýä girmek üçin wiza zerurlygy ýokdur.
2022-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň hem Aşgabat — Stambul — Türkmenbaşy ugry boýunça göni uçuşlara başlandygyny ýatladýarys. Uçuşlar hepdede dört gezek — duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri amala aşyrylýar.