Turkmenportal logo
24.10.22
5563355633
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Türkmenistana gatnawlarynyň petekleri satuwa çykarylýar
«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Türkmenistana gatnawlarynyň petekleri satuwa çykarylýar
Stambul — Türkmenbaşy — Stambul ugry boýunça adaty uçuş tertibiniň petekleriniň satuwy gaýtadan dikeldildi. Bu barada «Atavatan-Turkmenistan» saýtynda habar berildi.

Uçuşlar 2-nji noýabrda başlar we hepdede iki gezek — çarşenbe we penşenbe günleri amala aşyrylar.

«Turkish Airlines»-iň uçuşlary üçin howa petekleri aşakdaky salgyda satylýar: Aşgabat, 1972 köç. (Atatürk), 82, «Berkarar» SM, 1-nji gat, A7-A8 blok.

«Turkish Airlines» Türkmenistana uçuşlaryny gaýtadan ýola goýjak üçünji daşary ýurt awiakompaniýasy bolar. 17-nji oktýabrda Russiýanyň «S7 Airlines» kompaniýasy Moskwa — Türkmenbaşy — Moskwa ugry boýunça yzygiderli gatnawlary ýola goýdy. 25-nji oktýabrda bolsa Belarusyň «Belawiýa» awiakompaniýasy Minsk — Türkmenbaşy — Minsk ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny amala aşyryp başlady.

Türkmenistanyň raýatlaryna Türkiýä baryp görmek üçin wiza gerekdir. Ýeke giriş tölegi 60 dollardan, goşa giriş tölegi 120 dollardan başlaýar.

2022-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabat — Stambul — Türkmenbaşy ugry boýunça göni uçuşlara başlandygyny ýatladýarys. Uçuşlar hepdede dört gezek — duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri amala aşyrylýar.