Italiýada ýokary hümmetsizlenmäniň hem-de energiýa kynçylygynyň meselelerini indi Jorja Meloni çözmeli bolar diýip, «MIR 24» ýazýar, düýn, 23-nji oktýabrda täze hökümet başlygy ýurduň öňki premýer-ministri Mario Dragiden däp bolup gelýän nyşany— jaňjagazy kabul etdi.
Bu däbi italiýaly syýasatçylar eýýäm köp ýyllar bäri dowam edip gelýärler, jaňjagazy premýer-ministr Ministrler Geňeşiniň ýygnagyny açmak üçin ulanýar.
Dabaradan soňra Mario Dragi premýer-ministriň resmi diwany bolan hökümet binasyny terk etdi, onuň ornuny Jorja Meloni eýeledi.
Öňňin Meloni we ministrleriň 24-sinden ybarat bolan täze hökümetiň düzümi kasam kabul edip, resmi taýdan işe girişdi.