Top.Mail.Ru

«Hermitage Home Interiors» şowrumy «Londonart» haryt nyşanly ajaýyp oboýlary tanyş edýär

11:2324.10.2022
0
25920

«Hermitage Home Interiors» şowrumy türkmenistanlylara Italiýanyň dizaýn bezegleri bilen tapawutlanýan «Londonart» kompaniýasynyň ajaýyp oboýlaryny hödürleýär.

Londonart — bu ýokary derejeli önümler bolup, interýere özboluşly «häsiýet» berip, täsin optiki täsirleri we gurşawda reňkdarlygy döredip bilýär.

«Londonart» kompaniýasy Ýewropanyň meşhur dizaýnerleri, binagärleri we suratkeşleri bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurdaky bilelikdäki döredijilik hyzmatdaşlygynyň netijesinde bolsa «Londonart» hünärmenler topary owadan çyzgylary we şekilleri bolan has döwrebap oboýlary döredýär.

Şular bilen birlikde, «Hermitage Home Interiors» dükanynda «Londonart» oboýlaryny özbaşdak isleg esasynda hem taýýarlamak sargydyny ýola goýup bolýar. Munda sargyt ediji önümiň ölçegini we dizaýnyny saýlap biler.

«Hermitage Home Interiors» soňky ýerine ýetiren taslamalarynyň birinde häzirki zaman dizaýnynyň tejribeli wekilleriniň biri bolan Karlo Kolombonyň döreden 2019-njy ýylyň kolleksiýasyna degişli stilli oboýlaryny ulandylar.

«Londonart» oboýlary size ylham berip, arzuwyňyzdaky sazlaşykly dizaýny döretmäge ýardam eder. Şeýle-de bu özboluşly şekiller köpçülikleýin peýdalanylmaýar» – diýip, «Hermitage Home Interiors-yň» hünärmenleri pikirini paýlaşýarlar.

«Hermitage Home Interiors» dükanynda reňkleriň kontrast sazlaşygy, abstraksiýalar, geometrik çyzgylar, peýzažlar we beýleki gaýtalanmajak sýužetler ýaly dürli öwüşginli şekiller hödürlenilýär.

«Hermitage Home Interiors» şowrumy şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Mollanepes köçesi, 27-nji jaý, «Dürdäneli» söwda merkezi.

Habarlaşmak üçin:

  • Telefon belgileri: (+993 12) 41 59 02, (+993 65) 56 41 59;
  • Elektron poçta salgysy: info@hermitage.tm;
  • Resmi web saýty: hermitage.tm.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň