Ruslan Mingazow «Kitçiniň» Senýor Şild kubogynda ýarym finala çykmagyna ýardam etdi

21:1623.10.2022
0
15454

Türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazow Gonkongyň Senýor Şild kubogynyň çärýek finalyndaky duşuşykda gol geçirdi. «Kitçi» topary bu duşuşykda «Sautern Distrikti» 4:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ykbaly goşmaça minutlarda çözüldi.

Türkmenistanly ýarym goragçy esasy düzümde meýdana çykyp, 105 minutlap oýunda boldy. Duşuşykda hüjümçi Deýan Damýanowiç üç gezek tapawutlandy. Ýer eýeleriniň goluny bolsa Mahama Awal geçirdi.

«Kitçi» ýarym final duşuşygyny 25-nji dekabr güni «Li Man» topary bilen geçirer. «Kitçiniň» bu kuboga taryhynda alty gezek mynasyp bolandygyny habar berýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň