Türkmenistan Konkide typmak boýunça halkara birleşigiň (ISU) doly hukukly agzasy boldy. Bu barada «Inside the Games» saýty habar berdi.
Bu karar ISU-nyň Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen geňeşinde alyndy.
Birleşige Türkmenistandan wekil hökmünde Sportuň gyşky görnüşleri boýunça milli merkezi hasaba alyndy. Bu hukuk merkeze ISU-nyň geňeşlerinde ses bermek, iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmak mümkinçiligini berýär. Biziň ýurdumyz 2019-njy ýyldan bäri bu guramanyň assosirlenen agzasydy.
Sportuň fuguralaýyn typmak, kinkide typmak we şort-trek görnüşleri boýunça iň iri halkara gurama bolup durýan ISU iri ýaryşlary geçirip, olar baradaky düzgünnamalary kabul edýär. Häzir 80 döwlet bu birleşigiň agzasydyr.