Türkmenistanda we daşary ýurtlarda meşhurlyk gazanan gowrulan hoz, çigit, sakgyç we konditer önümlerini öndüriji – «Altyn Ýunus» kompaniýasy önümleri üçin birnäçe hil şahadatnamalaryna eýedir.
Howpsuz azyk harytlarynyň önümçiligi boýunça halkara ülňüleriň berjaý edilýändigi üçin kompaniýa HACCP şahadatnamasy gowşuryldy. «ISO 22000» we «ISO 9001» şahadatnamalary, degişlilikde, kompaniýanyň öndürýän azyk harytlarynyň howpsuzlygyny we hil dolandyryş ulgamynyň halkara ülňülere laýyklygyny tassyklaýar.
Şeýle hem kompaniýa önümleriniň adam we dini gymmatlyklara laýyk gelýändigini tassyklaýan «Halal» şahadatnamasy bilen sylaglandy.
«Ýunusyň» öndürýän önümleriniň hatarynda gowrulan günebakar çigidi, duzly arahis, pisse, şekerli we şekersiz sakgyç, şokolad süýjüleri, köke we wafli görnüşleri bar. Kompaniýanyň ähli önümleri türkmen alyjylarynyň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar.
«Ýunusyň» öndürýän önümleri barada has anyk maglumatlary almak üçin kompaniýanyň şu slgyda ýerleşýän ofisine ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 174-nji jaý. Telefon belgileri: (+993 12) 95 06 04, (+993 12) 95 06 17, (+993 12) 95 06 18.
Elektron poçta salgylary: info@altynyunus.tm, export@altynyunus.tm.
Şeýle-de okaň: