Bäherden etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy

21:4320.10.2022
0
22439

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de käbir resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanynyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi Dörtguly Hojaýew, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Degişli Perman esasynda, bu wezipä Ahal welaýatynyň häkimliginiň iş dolandyryjysy bolup işlän Soltanmyrat Soltanmyradow bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň