Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Koton kids» dükanynda güýz-gyş möwsümi üçin niýetlenen çaga geýimleriniň täze görnüşleri hödürlenýär

10:1020.10.2022
0
12997

Ýaşajyk modaçylar üçin döwrebap egin-eşik dükany «Koton kids» çagalary we olaryň ene-atalaryny güýz-gyş möwsümi üçin niýetlenen egin-eşik toplumynyň täze nusgalary bilen tanyşmaga çagyrýar.

Bu möwsümde dükanda owadan, ýyly we rahat switerler hem-de trikotaž koftalar, zenan lybaslary we balaklar, köýnekler, penjekler, ýyly pižamalar we öý geýimi toplumlary, köýnekçeler (futbolkalar) we galyň köýnekler (tolstowkalar) hödürlenýär. Hödürlenýän dürli görnüşler 2-den 14 ýaşa çenli çagalaryň gyşky geýimlerini täzelemäge mümkinçilik berer.

Zerur ýagdaýlarda «Koton kids» dükanlarynda öňünden töleg geçirmezden, harydyň tölegini 6 aý yza süýşürmek mümkinçiligi döredilýär: 1500 manada çenli söwda edilende, dükana diňe alyjynyň pasportynyň göçürmesi tabşyrylýar, 3000 manada çenli bolsa – pasportyň göçürmesi we işleýän ýerinden kepilnama talap edilýär.

«Koton kids» dükany «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 2-nji gatynda ýerleşýär. Goşmaça maglumat üçin telefon belgisi: (+993 61) 64 39 85.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň