Soňky habarlar

Arhiw

Aziýanyň ösüş banky Türkmenistan bilen tejribesini paýlaşar

11:4018.10.2022
0
21717

Aziýanyň ösüş banky taslama taýýarlamak boýunça tejribesini türkmen hünärmenleri bilen paýlaşar. Bu barada bankyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Artur Andrysýak «Trend» elektron neşiriniň žurnalisti bilen bolan söhbetdeşligine belledi.

– AÖB dürli ugurlarda baý tejribä eýedir, şonuň bilen birlikde, biziň köp ýurtlarda iş alyp baran hünärmenlerimiz tarapyndan dürli taslamalar ýerine ýetirilýär. Munuň özi Aziýanyň ösüş bankyna halkara tejribäni toplamaga we ony paýlaşmaga mümkinçilik berýär – diýip, A.Andrysýak nygtaýar.

Bellenilişi ýaly, bank tehniki goldaw taslamalary arkaly mümkinçiligini ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Şeýle-de bank tarapyndan taslamalar boýunça şertnama baglaşmak, hususy pudagyň bilelikdäki işlere gatnaşygyny güýçlendirmek üçin maliýeleşdirmek, daşky gurşawyň durnuklylygy we sanlylaşdyrmak ýaly ugurlarda giň tejribeleriň paýlaşylmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň