Türkmenistanyň Prezidenti Yragyň saýlanan Prezidentini gutlady

23:5615.10.2022
0
20167
Türkmenistanyň Prezidenti Yragyň saýlanan Prezidentini gutlady
Surat: kun.uz

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Abdel Latif Raşide Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdel Latif Raşide tüýs ýürekden berk jan saglygyny, abadançylyk, Yrak Respublikasynyň halkyna bolsa pahatatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň