Gazagystan gazak-türkmen söwda dolanyşygyny 1 milliard dollara ýetirmek isleýär

16:0515.10.2022
0
19508
Gazagystan gazak-türkmen söwda dolanyşygyny 1 milliard dollara ýetirmek isleýär
Surat: akorda.kz

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Serdar Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygyň barşynda gazak-türkmen söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigine ünsi çekdi.

«Söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, bu gün biz bilelikdäki tagallalar arkaly onuň möçberini nädip artdyryp boljakdygy barada söhbet etdik. Men Türkmenistanyň bazaryna girip biljek harytlaryň sanawyny taýýarladyk diýip aýtdym» diýip, Kasym-Žomart Tokaýew «Akorda» köşgünde geçirilen giňişleýin mejlisde belledi.

Döwlet Baştutanynyň pikiriçe, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy ep-esli artyp biler.

«Möhüm netijäni gazanmak üçin iki ýurduň degişli ministrlikleri taraplaryň razyçylygy bilen gepleşiklere başlamaly diýip hasap edýärin. Häzir söwdanyň göwrümi isleýşimiz ýaly uly däl. Biz özara söwdada 1 milliard dollar gazanmaga ymtylyp bilerdik» diýip, gazak Lideri nygtady.

Şu gün Gazagystanyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň Gazagystanyň «Akorda» köşgünde duşuşandyklaryny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň