Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri «Akorda» köşgünde duşuşdylar

10:4315.10.2022
0
19178
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri «Akorda» köşgünde duşuşdylar
Surat: sputnik.kz

Gazagystanyň döwlet Baştutany Kasym-Žomart Tokaýew «Akorda» köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Bu barada «Kazinform» habar berdi.

Däp bolşy ýaly, hormatly myhmanyň saparynyň hormatyna hormat garawuly hatara düzüldi. Gazagystanyň Prezident orkestriniň ýerine ýetirmeginde iki ýurduň döwlet senalary ýaňlandy. Soňra iki döwlet Baştutanlarynyň dar düzümdäki duşuşygy başlandy.

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döwlet Baştutanlary Geňeşiniň mejlisine we «Merkezi Aziýa – Russiýa» sammitine gatnaşmak üçin Astana gelendigini habar beripdik. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana ilkinji döwlet saparydyr.

Astana şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Sammite şahsy gatnaşmak üçin GDA agza ýurtlaryň hemmesiniň diýen ýaly döwlet Baştutanlary geldiler. Bu çärä Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň Liderleri, şeýle hem Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy – GDA-nyň ýerine ýetiriji sekretary gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň