Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň aramgählerine zyýarat eder

11:4710.05.2015
0
3856

Eýran Yslam Respublikasynyň çäginde ýerleşýän aramgählere zyýarat etmek indi asylly däbe öwrüldi. Bu ýyl hem jemgyýetçilik guramalarynyň, wekillerinden döredijilik intelligensiýasyndan, alymlardan, bilim ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerinden, hormatly ýaşululardan ybarat wekiliýet zyýarat etmek üçin dostlukly döwlete ugraýar.

18-nji maýda ata watana dolanyp gelensoň, wekiliýet Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda türkmen halkynyň beýik nusgawy şahyrynyň hormatyna guraljak dabaralara gatnaşar.

Däbe öwrülen bu çäre biziň halkymyzyň öz beýik ogullaryna çuňňur hormatynyň beýany bolup, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň döredijiligini we umuman, baý milli taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy bütin dünýä giňden ýaýmaga ýardam edýär.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň