Top.Mail.Ru

Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Astana sammitinde ählumumy howpsuzlyk meselelerine ünsi çekdi

16:1614.10.2022
0
15213

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Gazagystanyň Astana şäheriniň Kongres merkezinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşyp, mejlisde guramanyň çäklerindäki hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada çykyş etdi. Türkmen Lideri öz çykyşynda GDA ýurtlarynda ýagdaýyň durnuksyzlaşdyrylmagyna bolan synanyşyklara garşy durmagy, terrorçylyk, ekstremizm, kiber we biologik howplardan goramagyň kepilliklerini üpjün etmegi, jemgyýetçilik aňyna hakykata gabat gelmeýän pikirleriň we ahlak düzgünleriniň emeli ýol bilen ornaşdyrylmagyna garşy göreşmegi, dünýädäki ýagdaýlaryň umumy çylşyrymlaşmagynyň ýaramaz netijelerini öňünden duýdurmagy öňde durýan esasy wezipeler hökmünde nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow agzalan ugurlarda bilelikdäki işleri güýçlendirmek maksady bilen, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky altytaraplaýyn geňeşmeleriň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny, şu meseläniň ýörite gulluklaryň we beýleki düzümleriň işine-de degişlidigini belledi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda häzirki umumydünýä meýilleriniň çylşyrymlydygyna garamazdan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çägindäki özara hereketleriň durnuklylygyny we depginli ösüşini saklaýandygyny, Arkalaşygyň giňişliginde ykdysady, söwda maýa goýum aragatnaşyklaryny işjeňleşdirmägeliň, üstaşyr ulag düzümlerini döretmegiň, energiýany geçirijilerini giňeltmegiň, täze kommunikasiýalary gurmagyň zerurlygy barada aýtdy. Şu ugurlarda Hazar sebitiniň geljegi uly mümkinçilikleri bar. Şoňa görä-de Prezident Serdar Berdimuhamedow Hazarda köptaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň konseptual meselelerine ünsi çekip, Hazar ugrunyň GDA-nyň geljekki meýilnamalarynda degişli orny eýelemelidigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Arkalaşygyň günorta ugurlarynda, şol sanda Owganystanda, Eýranda we Pakistanda energetika, ulag-aragatnaşyk taslamalaryny öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, şol taslamalara GDA agza döwletleriň hem işjeň gatnaşyp biljekdikleri nygtaldy. Arkalaşygyň içinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşi barada aýdylanda, pandemiýa şertlerinde biziň işewürlik hyzmatdaşlygymyzyň depginini peselden kynçylyklary tizden-tiz aradan aýyrmaga döredijilikli itergileri bermek zerurdyr. Şu nukdaýnazardan, GDA ýurtlarynyň köppudaklaýyn ykdysady sergi-ýarmarkasyny guramagyň üstünde işlemek hakynda oýlanmak teklip edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti daşary syýasy gün tertibiniň meseleleri bilen baglylykda ýakynda Gyrgyzystanyň Çolpon Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitinde howpsuzlyk ulgamynda öňe süren teklipleriniň Arkalaşygyň ähli ýurtlary üçin hem möhümdigini belledi. Şol meseleleri çözmekde GDA-nyň bu ugurdaky halkara hukuk we guramaçylyk esaslarynyň kämilleşdirilmegi zerurlyk bolup orta çykýar.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk Arkalaşygyň işinde güýçli birleşdiriji şertleriň biri bolmagynda galýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň iri halkara sport ýaryşlaryny guramagyň öňbaşçysy bolup çykyş edýändigini aýdyp, «Dostluk oýunlaryny» guramak boýunça işlere başlamagy teklip etdi. Yzygiderli esasda geçiriljek bu oýunlara diňe bir GDA ýurtlarynyň däl, eýsem, oňa gyzyklanma bildirýän beýleki döwletleriň türgenleri hem gatnaşyp bilerler. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistan tarapyndan şu ugurda degişli taslamanyň işläp taýýarlanylandygyny mälim edildi hem-de ilkinji «Dostluk oýunlaryny» Türkmenistanda geçirmek başlangyjyny öňe sürüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň