Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlykda aýratyn üns bermeli anyk ugurlary salgy berdi

17:4614.10.2022
0
21715
Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlykda aýratyn üns bermeli anyk ugurlary salgy berdi
Surat: kremlin.ru

Şu gün Astana şäheriniň Kongres merkezinde geçirilýän «Merkezi Aziýa ― Russiýa» sammitinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dünýä geosyýasatyndaky häzirki meýilleriň oňyn ýagdaýda däldigini aýdyp, şu düzüme gatnaşýan ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda aýratyn üns berilmeli anyk ugurlary teklip etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Döwlet Baştutanynyň pikiriçe, şol ugurlar, ine, şulardan ybarat bolup biler:

Birinjiden, biziň ýurtlarymyzdaky ýagdaýyň durnuksyzlaşdyrylmagy; şeýle synanyşyklara garşy durmak.

Ikinjiden, terrorçylyk, ekstremizm, kiber we biologik howplardan goramagyň kepilliklerini üpjün etmek.

Üçünjiden, jemgyýetçilik aňyna hakykata gabat gelmeýän pikirleriň we ahlak düzgünleriniň emeli ýol bilen ornaşdyrylmagyna garşy göreşmek.

Dördünjiden, dünýädäki ýagdaýlaryň umumy çylşyrymlaşmagynyň ýaramaz netijelerini öňünden duýdurmak.

Şular barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti sammitde eden çykyşynda agzalan ugurlarda bilelikdäki işleri güýçlendirmek maksady bilen, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky altytaraplaýyn geňeşmeleriň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny, şu meseläniň ýörite gulluklaryň we beýleki düzümleriň işine-de degişlidigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň