Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa ― Russiýa» sammitinde Owganystandaky ýagdaýlara ünsi çekdi

17:5714.10.2022
0
20630
Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa ― Russiýa» sammitinde Owganystandaky ýagdaýlara ünsi çekdi
Surat: kremlin.ru

«Parahat, durnukly we gülläp ösýän Owganystan biziň serhetlerimiziň, biziň raýatlarymyzyň howpsuzlygynyň kepillikleriniň biridir». Astanada dowam edýän «Merkezi Aziýa ― Russiýa» sammitinde eden çykyşynda şu barada aýtmak bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow halkara gün tertibiniň aýratyn mowzugy bolan Owganystandaky ýagdaýlara ünsi çekdi.

Bu barada «Türkmenistan» gazeti elektron sahypasynda ýazýar.

Hususan-da, döwlet Baştutany çykyşynda Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýlary syýasy ýollar arkaly kadalaşdyrmak boýunça halkara gurallary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň, Eýranyň, Hytaýyň, BMG-niň owgan ugurly missiýalarynyň tagallalaryny goldaýandygyny aýtdy.

Owganystanyň halkara we sebitleýin ykdysady gatnaşyklara goşulyşmagy möhüm mesele bolup durýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynda şu ugurda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen iri taslamalar hakynda durup geçdi. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, Türkmenistan ― Owganystan ― Pakistan ― Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan ― Owganystan ― Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary, türkmen topragyndan owgan tarapyna çekilen demir ýollar barada barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň