Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Astanada geçirilen Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) sammitinde Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi teklip edendigini ýatlatdy we CICA ýurtlaryny bu başlangyjy goldamaga çagyrdy.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň wekili sammitde bosgunlar meselesini çözmegiň zerurlygyna hem ünsi çekdi. Bu barada Gazagystanyň Informburo.kz portalynyň habarynda beýan edilýär.
Sammitiň barşynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew CICA-ny doly hukukly halkara gurama öwürmegi teklip etdi. Netijede, Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň (CICA) döwlet we hökümet baştutanlary Geňeşi gurama öwürmek barada Astana beýannamasyny kabul etdiler.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan 2021-nji ýylyň iýun aýyndan bäri CICA-da synçy statusyna eýedir.