Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçisi Belgiýanyň Patyşasyna ynanç hatyny gowşurdy

10:3614.10.2022
0
19292
Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçisi Belgiýanyň Patyşasyna ynanç hatyny gowşurdy

Resmi taýdan wezipesine girişen Türkmenistanyň Brýusseldäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow Belgiýanyň Patyşasy Filipp Leopolda ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada diplomatmagazine habar berdi.

Kabul edişlik 13-nji oktýabrda Brýusseldäki şa köşgünde geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda S.Pälwanow Belgiýanyň Patyşasyna Türkmenistanyň hökümetiniň Belgiýa Patyşalygy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şonuň bilen birlikde hem Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmak maksadyna ygrarlydygyna ynandyrdy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylda ýola goýuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň