Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň halk gahrymanlaryny hatyralady

10:1515.10.2022
0
10418

15-nji oktýabr güni ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde ýerleşýän Watan goragçylarynyň ýadygärligine gül goýmak çäresine gatnaşdy. Bu ýerde Astana şäheriniň häkimi türkmen döwletiniň Baştutanynyň ýanynda boldy diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berdi.

Bellenilişi ýaly, «Watan goragçylary» meýdançasynda ýerleşýän ýadygärligiň etegine gül dessesini goýup, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň halk gahrymanlaryny hatyralady.

Gazagystanda ýaşaýan ähli halklaryň jebisligini alamatlandyrýan Watan goragçylarynyň ýadygärligi 2001-nji ýylda açyldy. Esasy meýdançadaky suw çüwdürimleri, barelýeflerdäki batyrgaý keşpler, ýas tutýan enäniň heýkeli we «Baky ot» halkyň edermenligini ýada salýar. Gazagystana sapar bilen barýan daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň bu ýadygärlige gül desselerini goýmaklary indi asylly däbe öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň