Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda şu ýyl 1-nji synp okuwçylaryna 159 müň 772 kompýuter sowgat berildi

16:1411.10.2022
0
26819

Bu barada 10-njy oktýabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow döwlet Baştutanyna gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada beren hasabatynda aýtdy.

Şeýle-de wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýruklaryna laýyklykda, şu ýyl ýurduň ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 964, orta hünär okuw mekdeplerine 10 müň 490 talyp kabul edildi.

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, orta mekdepleriň 7-si hem-de çagalar baglarynyň 5-si açylyp ulanmaga berildi.

— Häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyklykda, bilim edaralarynda okuw işini talabalaýyk derejede guramak maksady bilen, mekdepleriň ýokary hünär derejeli mugallymlar hem-de okuw kitaplary bilen üpjünçiligine hemişe seljerme bermek zerurdyr — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow bilim ulgamyna sanly ulgamy ornaşdyrmagy işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň