2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Gazagystanyň Astana şäherinde «Merkezi Aziýa – Russiýa» sammiti geçiriler. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
«Ýokary derejeli duşuşygyň barşynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Russiýanyň Prezidentleri altytaraplaýyn görnüşde duşuşyk geçirip, onuň dowamynda dostlukly gatnaşygyň we strategik hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar» — diýip, Gazagystanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Duşuşygyň jemleri boýunça döwlet Baştutanlarynyň Ýewraziýa giňişliginde sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini öz içine aljak Bilelikdäki Beýannamasynyň kabul edilmegine garaşylýar.
Şeýle hem, jemleýji resminamada syýasat we howpsuzlyk, söwda, ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýaly ugurlarda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi hem öz beýanyny tapar.
Ozal habar berşimiz ýaly, 7-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi. Onuň dowamynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçiriljek GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky duşuşygyna taýýarlygyň barşy we onuň dowamynda serediljek meseleler boýunça pikir alşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji oktýabrda Gazagystana ilkinji gezek döwlet saparyny amala aşyrjakdygyny habar beripdik.
Ýeri gelende bellesek, «Merkezi Aziýa – Russiýa» sammiti Russiýa bilen Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň ilkinji sammiti bolar.